- gary
- 1) Goýun, geçi we ş. m. mallaryň dyzy bilen toýnagynyň aralygy, injik.∙ Guýrugy küle, erinlek köpek Meleguşuň ýanynda garysyny ýassanyp, güne meýmiräp ýatyrdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)∙ Atyň ahyrynyň bärisinde iki garysyny ýassanyp ýatan köpek jabjynyp üýrdi-de günbatara tarap ýüzlendi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)∙ Bir syhly yzyna garanjaklaýan Çerkez, möjegiň uzyn-uzyn palanlyny, iň soňunda garysyny ýassanyp galanyny saýgardy. (B. Kerbabaýew, Yhlasa-Myrat)2) Ýarym gulaja barabar ölçeg birligi.∙ Telpek geýip, töwereginden bäş-alty gary bizi aýla. («Görogly» eposy)◊ garyňa daýanmak — Öz gaýaratyňa daýanmak, özüňe gerek işi özüň etmek, her bir zada özüň hötde gelmek.∙ Kakaň hem kakaň welin, öz garyňa daýanmak gerek. («Tokmak» žurnaly)◊ garyňa galmak — Ýatan ýeriň den çalt turmak, dikelmek.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.